Kompaniýa

Biz barada

«Eminli maslahat» Hususy kärhanasy 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Esasy ofis Aşgabatda ýerleşýär.

3+
ÝYL
TEJRIBE
50K+
ÝÜK GATNAWY ÝERINE ÝETIRILDI
250
DAŞAÝJYLAR BILEN GÖNI ŞERTNAMA
40+
TEJRIBELI HÜNÄRMEN
10
HUSUSY AWTOULAG
Näme üçin biz?

Näme üçin bizi saýlamaly?

Kompaniýanyň taryhy
+

«Eminli maslahat» Hususy kärhanasy 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Esasy ofis Aşgabatda ýerleşýär. Kompaniýa logistika, awtoulag transporty, syýahatçylyk ýaly ugurlarda işleýär. Kompaniýanyň öz ulag parky bar we logistika pudagynda Türkmenistanda 1200- den gowrak kompaniýa hyzmat edýär. Mundan başga-da, «Eminli maslahat» HK- nyň Türkiýede, Gazagystanda, Özbegistanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Täjigistanda we Azerbaýjanda ofisleri we giň müşderi bazasy bar. Şeýle hem Yewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen işjeň işleýäris.

Biziň maksadymyz
+

Biziň maksadymyz, alyp barýan işimizde logistiki çözgütlerde professional standartlary ulanmak bilen bazarda aýratyn gymmatlyklary hödürlemek arkaly müşderilerimiziň her biri üçin oňyn we ygtybarly tejribe bermegi üpjün etmekden ybarat.

Biziň ýumuşymyz
+

Kompaniýanyň wezipesi, Türkmenistanda, GDA ýurtlarynda we Ýewropada ulag we ekspeditor hyzmatlary pudagynda öňdebaryjy orny eýelemekdir. Iň amatly we elýeterli bahalar bilen bilelikde ýokary hilli ýük hyzmatlaryny etmek bu maksada ýetmek üçin esasy we ileri tutulýan wezipedir.